«Görk — agyzdan...»

7 Awgust 2024
502

Saçaklarymyzyň ýaraşygy bolan gök önümler saglygymyzy däri-dermansyz dikeldýär. Olar hemmämiz üçin elýeterli.

Ýeralma — gündelik iýilýän önümleriň biri. Düzümi krahmala, witaminleriň B toparyna, askorbin turşusyna, mineral maddalara, kaliý duzuna baý. Ýüregiň, böwregiň, gan damarlarynyň işleýşini sazlaşdyrýar. Ýürek-damar, böwrek kesellerinde peýdaly. Onuň düzüminde belok az hem bolsa, hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan aminokislotalar bar. Ýeralmanyň belogy süýdüň düzümindäki beloga ýakyn, şoňa görä, onuň owmajy çagalara has haýyrly.

Nazarmuhammet NAZARMEDOW,
Ruhubelent etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy.
Beýleki habarlar