Ussat halypany ýatlap

3 Awgust 2024
740

Gündogaryň akyldar şahyry, şygryýet äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda magtymgulyşynas alym, akademik Baýmuhammet Garryýewiň hem doglan gününe 110 ýyl dolýar. Magtymgulynyň adynyň dünýä dolmagynda bu alymyň uly hyzmaty bar. Onuň 600-e golaý ylmy işiniň 100-den gowragynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegine bagyşlanandygy hem munuň aýdyň mysalydyr. Alym ýaşan 67 ýaşynyň elli ýylyna golaýyny akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmäge bagyşlady. Ol belli magtymgulyşynas, folklorşynas, göroglyşynas hökmünde tanalyp, bu ugurlarda önjeýli iş alyp baran alym. Yssy diýmän, sowuk diýmän, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň döreden mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan folklor eserlerini toplap, ýazga geçiren, nusgawy edebiýatymyzyň ajaýyp eserlerini hem halkdan ýazyp alyp, kätipleriň, hatdatlaryň ýazan golýazmalaryndan göçürip, halka düşnükli bolan täze ýazuwa geçirip, halka ýetirenleriň biridir. Onuň işleýiş usulyna döwürdeş alymlarynyň köpüsi beletdir. Şu setirleriň awtory hem, alymyň şägirdi hökmünde ýanyna gatnan ýyllarynda onuň çekýän uly zähmetiniň şaýady bolupdy. Görnükli alym hakyndaky ýatlamalar onuň erjelligi, maksada okgunlylygy, köp ugurdan iş alyp baranlygy dogrusynda söhbet açýar.

Baýmuhammet Garryýewiň halk arasynda bolup, folklor eserlerini toplaýşy dogrusynda filologiýa ylymlarynyň doktory Durdymuhammet Nuralyýew şeýle ýatlapdyr: «Şu günki ýaly ýadymda. Ellinji ýyllaryň başlarynda men altynjy synpda okaýardym. 1950-1951-nji okuw ýylynyň güýzi gelip ýetipdi. Ýowuz ýyllarda ertirine kolhoz işine kömek berýärdik, güýjümiziň ýetdiginden ders çekip, ekin meýdanlaryna ýaýradýardyk, täze ýerleriň ýandagyny çapyşmaga garrylara kömek berýärdik. Öýlän hem mekdebe okuwa gidýärdik. Bapbamlaryň (kakamyň doganoglanynyň) köneje tamynyň diwaryna arkamy diräp, güneşläp otyrdym. Obamyzyň ho-ol günbatar tarapynda ýediýyllyk mekdebimiz agaryp görünýärdi. Nazarymy şoňa gönükdirip, bir zadyň küýünde ýüzüp oturyşyma, ýanyma gelen epeý adamyny birbada görmändirin.

Gurbanjemal YLÝASOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar