Hojambaz etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Haltäç Rahymow birnäçe ýyldan bäri agaç ussaçylygy bilen meşgullanyp gelýär. Ol, esasan, eýer we agaç okaralary ýasaýar. Kärini birkemsiz ele alan ussa öz işi we ulanýan agaçlarynyň häsiýetli aýratynlyklary barada şeýle gürrüň berdi:
— Daragtlarda gyş paslynda şire aýlanyşygy togtaýar. Bu döwürde kesilen agaçlar çeýe bolýar. Ylaýta-da, 2-3 ýyl ýaşan söwütden ýasalan at esbaplary berk bolýar. Suwly ýerde ösen söwüt döwlegen bolýar. Tut, erik agaçlary dykyz, berk bolansoň, olara suw degse-de, jaýryk atmaýar. Eýer ýasamak ussadan juda ünslüligi, ussatlygy talap edýär. Taýýar bolan eýerleri derä eýläp, dolap goýmaly. Bu eýeriň juda berk bolmagy üçin peýdaly.