Jemgyýetimiziň kämil şahsyýeti terbiýelemek babatdaky tagallasyna ata-babalarymyzyň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» pähiminden ugur alyp, bagtyýar ýaşaýşyň möhüm şertleriniň biri hökmünde garalýar. Gahryman Arkadagymyz: «Milletiň saglygy we onuň rowaçlygy ýurdumyzyň baş baýlygydyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler halkymyzyň ruhy we beden saglygyny berkitmäge gönükdirilendir.
Döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak saglygy berkitmegiň hem-de sagdyn durmuşda uzak ýaşamagy üpjün etmegiň, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň iň ygtybarly ýoly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, milli sportumyzy dünýäde ýokary derejä götermegiň ygtybarly esaslaryny goýmak we hukuk, guramaçylyk, ykdysady-maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn şertlerini üpjün etmek, sportuň halkara talaplaryna laýyk gelýän ulgamyny döretmek we ösdürmek barada alada etmegi ynsanperwerligiň belent nusgasydyr.