Mineral suwlaryň ähmiýeti

31 Iýul 2024
669

Türkmenistanyň mineral suwlary onuň tebigy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan öz çäginde şypahana bejergisi üçin möhüm şertlere hem-de bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan köpsanly mineral suwly çeşmelere we bejeriş palçyklaryna eýe bolan ýurtdur. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli şypahanalary döwrebaplaşdyryldy, täze binalar bilen üpjün edildi. Balneologiýa mineral suwlaryň gelip çykyşyny, fiziki-himiki alamatlaryny, olaryň bejeriş we keselleriň öňüni alyş maksatlarynda hammam görnüşinde hem-de içimlik görnüşde ulanylyşyny, keselleri bejermekde lukmançylyk görkezmelerini öwrenýän ylymdyr. Balneoterapiýa hem şu sözden gelip çykmak bilen, keselleriň öňüni almakda, bejermekde hem-de dikeldiş tapgyrynda mineral suwlary hammam we içimlik bejergisinde, içegeleri arassalamakda we beýleki maksatlarda peýdalanmakdan ybaratdyr. Ekologik taýdan arassa tebigy bejeriş serişdeleri, olaryň elýeterliligi, bedene zyýansyz bolmagy adamlaryň saglygyny berkitmäge, immun ulgamynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, keselleriň öňüni almaga we bejergiden soň adamlaryň özüni dürsemegine ýardam berýär. Mineral suwlar tebigy ýerasty suwlar bolup, düzüminde bedene bejeriş täsirini ýetirýän peýdaly biologik işjeň maddalaryň bolmagy, gaz düzüminiň aýratynlyklary ýa-da umumy ion-duz düzümi bilen tanalyp, olar bedende zerur bolan maddalaryň deňagramlylygyny kadalaşdyrýar.

Ýeriň üstüne mineral suwlar çeşme görnüşinde ýa-da ýeriň astynda guýulardan çykýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda mineral suwlaryň çykyşynyň 300-den köprägi mälimdir. Bu mineral suwlar şypahana bejergisini has kämilleşdirmekde we ösdürmekde tükeniksiz baýlykdyr. Şeýlelikde, mineral suwlaryň özboluşly täsiri, esasan, ion düzümi bilen kesgitlenilýär we amaly kurortologiýada keselleriň dikeldiş tapgyrynyň görkezmelerinde göz öňünde tutulýar. Şypahana bejergisi tebigy bejeriş serişdelerini derman serişdeleri we fiziobejergileri bilen utgaşdyryp ulanmaga hem niýetlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen tebigy bejeriş serişdeleri ýurdumyzyň çäginde işjeň öwrenilýär we olar lukmançylykda ylmy esasda ulanylýar. Tebigy bejeriş serişdeleri, bejeriş-sagaldyş ýerleri we şypahanalar halkymyzyň milli gymmatlyklarydyr.

Lýudmila GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar