Ýapon bereskleti

31 Iýul 2024
621

Ýapon bereskleti köpýyllyk, hemişe gök öwüsýän gyrymsy agaçdyr. Ol dünýäniň köp ýurtlarynda landşafty bezemekde giňden peýdalanylýar. Beresklet ýylyň bütin dowamynda ýapragyny düşürmän saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Onuň ýapraklarynda doýgun ýaşyl reňk bilen açyk sary reňkiň sazlaşygy tebigatyň görküne görk goşýar. Tebigy ýagdaýda bu agajyň boýy 7-8 metrden geçmeýär. Ýöne owadan keşp emele getirmek maksady bilen gyrkym işleriniň geçirilmegi netijesinde onuň boýy 1-1,5 metre getirilýär. Ýapon bereskletiniň şahalary ýylda, ortaça, 20 santimetre çenli ösýär. Bu bezeg ösümligi otag şertlerinde-de owadanlyk hem-de howany arassalamak maksady bilen giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň ýaşyl hem-de sary reňkli ýapraklarynyň ölçegi 3 — 8 santimetr aralygynda bolup, gyralary diş-diş şekilli, süýri, galyň, üsti tekiz hem ýalpyldawukdyr. Bereskletiň açyk ýaşyl reňkli we sary tegmilli örän ownujak güljagazlary bolýar. Ösümligiň kiçijik şar şekilli miwesi sentýabr aýynda bişip ýetişýär hem-de oktýabr aýynyň ahyryna çenli baldaklarynda saklanýar. Mämişi we gülgüne reňklerdäki miweleriniň içinde kiçijik garamtyl tohumy bolýar.

Tebigaty gözel görnüşe getirmek diňe bir bezeg ösümlikleriniň oturdylyşyna bagly bolman, eýsem, olaryň gunçalap, gül açmagyny gazanmaklyga we terligine saklanylyşyna-da baglydyr. Biziň ýurdumyzda hem bezeg ösümlikleri oturdylanda, olaryň ýylyň tutuş dowamynda owadanlygyny saklap bilýän görnüşleri saýlanylyp alynýar. Ýapon bereskleti hem şeýle bezeg ösümlikleriniň biri hasaplanylýar. Olar özleriniň gaýtalanmajak gözelligi bilen türkmen tebigatynyň görküne görk goşýarlar.

Umytjan ROZYBAÝEW,
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe medeniýet merkeziniň usulçysy.
Beýleki habarlar