Ak arzuwly sallançak

30 Iýul 2024
627

Türkmen öýüniň bezegi bolan sallançak ene mähri, ene hüwdüsi bilen berk baglanyşyklydyr. Ene–mamalarymyz gadym döwürde sallançak kilimini dokanlarynda ilki bilen onuň gaýym bolmagy üçin goýnuň uzyn süýümli ak ýüňüni saýlapdyrlar. Yssy howada bir günläp Güne serlip goýlan ýüňi saýgyç bilen kemsiz saýyp, soňra tüýdüp, ýüň darakda darap, pişge taýýarlapdyrlar. Ýüň näçe gowy daralsa, ony egirmek hem şonça ýeňil bolýar. Arassa pişgeden egrilen ýüplükdir kilim bolsa, hem-ä, ýylmanak, hem-de endigan we ýumşak bolýar.

Sallançak kilimi ir döwürlerde mal-garasy bilen ýazlaga çykan ene-mamalarymyz üçin oňaýly bolupdyr. Olar göçüp baran ýurdunda ak öý tutunyp, töründe ak kilimli sallançak gurupdyrlar. Sallançagyň hem özüne ýetesi üýtgeşik gurluşy bolupdyr. Munuň üçin iki sany ýüp aşagrak sallanyp durar ýaly edilip ak öýüň tärimlerinden geçirilipdir. Şol sallançagyň ýüpüni-de ene-mamalarymyz akly- garaly ýüplerden goşup, alaja görnüşinde edip germäpdirler. Daşynda ak kilim tutulan sallançagyň iki başyndan alaja görnüşli ýüp görnüp durupdyr. Enelerimiz muny şol sallançaga salynjak çaganyň göze görner-görünmez bela-beterlerden goralmagy üçin edipdirler.

Maral YHLASOWA,
Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.
Beýleki habarlar