Biotehnologiýa — ösüşiň döwrebap ugry

30 Iýul 2024
836

Milli ylmy ösüşleriň gözbaşynda duran esasy ugurlaryň biri-de biotehnologiýalardyr. Biotehnologiýa — janly bedenleriň, olaryň ulgamlarynyň ýa-da biologik häsiýetleriniň önümçilikde ulanylmaga uýgunlaşmasydyr. Biotehnologiýa arkaly anyklaýyş serişdelerini, iýmitleri, dökünleri we dermanlary öndürmek mümkin. Biologiýa, himiýa we tehniki ylymlaryň özeninde dörän ylmy we tehnologik ösüşiň dersara ugruna biotehnologiýalar diýilýär. Gadymy döwürlerden bäri adamlar çörek bişirende, turşadylan gönezligi we kyrkgasanak şiresi bilen fermentlenen süýt önümlerini taýýarlamakda biotehnologik iş usullaryndan peýdalanypdyrlar. Şol döwürlerde mikroorganizmleriň kömegi bilen fermentasiýany amala aşyrmaklyk adamzadyň amaly işlerinde özüniň wajyp orundadygyny äşgär edip başlapdyr. Biotehnologik amallar bakteriýalary, hamyrmaýany, mikroskopik kömelekleri we suwotulary ulanmak bilen ýerine ýetirilýär. Munda döreýän dürli mümkinçilikler belli bir maddalaryň öndürilmegine şert döredýär. Häzirki wagtda biotehnologiýalar çalt depginlerde ösmek bilen ýlmy we tehnologik ösüşleriň öňdäki orunlaryny eýeleýär. Himiýanyň we fizikanyň gazananlaryna esaslanýan biologiýa ylmynyň has ösendigi üçin biotehnologiýa ulgamynyň işi has ilerleýär. Ylmy açyşlar milli ýkdysadyýetimizde, oba hojalygynda, saglygy goraýyşda we daşky gurşawy goramakda juda ähmiýetli orna eýedir.

Biohimiýa we molekulýar biologiýa pudagynda gazanylan öňegidişlikler, biotehnologiýalaryň ösmegine güýçli itergi berdi we bedenjikleriň öýjükleriniň ýaşaýşa ukyplylygyna, işjeňligine hem-de olaryň çylşyrymly mehanizmlerine gözegçilik etmek üçin zerur bolan şertleri döretdi. Biotehnologiýanyň düzümine girýän ugurlaryň hatarynda ylmy bioinženerligi, genetiki we öýjük inženerligi, biolukmançylygy, nanolukmançylygy, bioinformatikany, bionikany we başgalary görkezmek bolar. Biotehnologik taslamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin ýokary hünärli işgärler juda derwaýys bolup durýar. Olar genetikler we molekulýar biologlar, biohimikler we bioorganikler, wirusologlar we mikrobiologlar, enzimologlar we entomologlar, ekologlar we programmistler, biotehnologik enjamlaryň dizaýnerleri we inženerleridir.

Bahar ORAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar