«Farabyň» saglyk serpaýy

30 Iýul 2024
515

Tomus geldimi, göwnüň arly ýylyň argynlygyny aýyrýan dynç alşy küýsegendir. Dynç alşa çykdygyň, ugruň ýa Awaza, ýa-da şypahanalaryň birine tarapdyr. Şeýle bolansoň, şu günler «Farap» şypahanasynyň-da gelim-gidimi ýeterlik. Amyderýanyň sag kenaryndaky şypahanada dynç almak, saglygyny berkitmek üçin watandaşlarymyz ýurdumyzyň çar künjeginden gelýärler. Bir hepdeden on güne çenli bejeriş we saglygy dikeldiş işlerinden soň, olar öýlerine juda hoşal bolup dolanýarlar.

Şypahanada bejerişiň we saglygy dikeldişiň täze ugurlarynyň ýola goýlandygy baradaky hoş habary eşidip, «Faraba» tarap ýola düşdük. Derýanyň ýakasynda — tebigatyň gözellikleriniň jümmüşindäki şypahanada bejergiler netijeli häsiýete eýe bolup, oňa Jeýhun ýakasynyň hoştap howasy-da öz täsirini ýetirýär. Şeýle bolansoň, eýýäm 5 — 10 ýyldan bäri her ýyl «Faraba» gatnap ýörenleriň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy ýönelige däl. Şypahana dynç almaga gelýänem, saglygy bilen bagly haraý isläp gelýänlerem bar. Bu ýerde dynç alýan ildeşimiz, Baýramaly etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy Aşyrmyrat Babaýewiň aýtmagyna görä, «Farapda» güler ýüzli garşylanmagyň, bejergi alýan döwrüňde aýratyn alada bilen gurşalmagyň özi hem derdiň deň ýaryny ýeňledýär. Şoňa görä, 65 ýaşy arka atan mugallym 2017-nji ýyldan bäri her ýyl diýen ýaly zähmet rugsadynda wagty bu künjege gelýän eken. Ol şu ýyl özi bilen kärdeşi — etrapdaky 6-njy orta mekdebiň müdiriniň orunbasary Rejepberdi Annaýewi-de alyp gaýdypdyr.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar