Taryhy tapyndylarda sekizburçluk şekiller

26 Iýul 2024
699

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, milli mirasyny ylmy esasda öwrenmäge möhüm ähmiýet berlip, bu ugurda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Şähryslamda alnyp barylýan arheologik barlaglaryň dowamynda maddy medeniýetimize degişli ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda metal önümler aýratyn orun tutýar. Geçmişde bu ýerde metaldan dürli görnüşdäki gaplary, bezeg şaý-seplerini hem-de durmuş esbaplaryny ýasapdyrlar. Demirden, esasan, çüý, petle, nal, gulp, gapan, gaýçy, pyçak ýaly hojalykda ulanylýan önümler, misden we bürünçden bolsa nepis bezelen gaplar, öý hojalyk esbaplary, bezeg şaý-sepleri ýasalypdyr. Bu tapyndylaryň arasynda çyradanyň ýokarky bölegi hem bolup, onuň ýüzünde sekiz burçly şekil ýerleşdirilipdir. Bulardan başga-da, Şähryslam ýadygärliginde geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde, diwar bezeginde ulanylan plitajyk ýüze çykarylypdyr. Onuň ýüzündäki sekizburçlugyň ortasynda tegelek zolak ýasalyp, içinde dört sany goçbuýnuz şekili ýerleşdirilipdir.

Akjagül NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar