Tomus pasly Gün şöhlesinden derimizi goramagyň wagtydyr. Yssy howa adamda Gün urma, bedeniň madda alyşçalşygynyň bozulmagyna, içege, deri keselleriniň döremegine getirip bilýär. Howanyň üýtgemegi bilen bolsa, dürli allergik we dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygy ýokarlanýar.
Howanyň yssy wagtlarynda suwuklygy köp içmek diňe bir suw deňagramlylygyny saklamaga kömek etmän, eýsem, bedenden artykmaç duzlaryň çykyp durmagynada ýardam edýär. Suwy az mukdarda, ýöne ýygyýygydan içmek maslahat berilýär.