Sagdyn maşgala — mizemez gala

23 Iýul 2024
704

Gadymy kitaplarda, köne golýazmalarda, dilden-dile geçip gelen edebi hem ahlak mirasymyzda, umuman, milli hazynamyzda maşgala binýadynyň berkligi hakda aýdylan zatlar juda kän. «Maşgalam — baş galam» diýip, öý-ojagyny mukaddes saýan eždatlarymyz, «Hatynym — halalym» diýip, zenanlarymyzy depesine täç eden ata-babalarymyz agzybirligiň, berekediň, edep-ekramyň, uýat-haýanyň, beden hem ruhy sagdynlygyň nusgalyk derejesini, maşgala berkliginiň mizemez nusgasyny bize miras goýupdyrlar. Bu gymmatly pikir-garaýyşlaryň Gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem esasy mazmunyny düzendigini onuň diwanlaryny okan her bir okyjy magat aňýandyr. Akyldar şahyrymyzyň maşgala mukaddesligi, perzent terbiýesi, arassa ahlaklylyk, maşgala wepalylyk ýaly zerur meseleler babatdaky şygra siňen garaýyşlary, pikir-oýlary has çuňdur, dürdänedir, manysyny hiç wagt ýitirmejek ruhy ýörelgedir.

Şu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Demokratiýanyň we ýeke-täk dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar. Hut maşgala türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýar» diýýän setirleri hakyda dolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet wezipesine geçen ilkinji güni eden dabaraly çykyşynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygary bolsa biziň döwrümiziň hukuk, demokratik ýörelgesi, maşgala, şahsyýet, jemgyýet bütewüligi hakdaky çuňňur filosofiki garaýşydyr.

Nurbike AMANOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalary ýazgysy müdirliginiň nama kitaplary toplamak we hasaba almak bölüminiň esasy maslahatçysy, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar