Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

13 Iýul 2024
620

Jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine gönükdirilen döwlet syýasaty ilatyň abadançylygy üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän we «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy goldaýar» diýlip kesgitlenen. Bu konstitusion kadalar «Aragatnaşyk hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýan edilen. Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly sanly ulgam ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylyp, onuň täze innowasion we sanly tehnologiýalar, elektron resminama dolanyşygy hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamy, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýet, sazlaşykly işleýän elektron senagaty ýaly tapgyrlaýyn işleri ýola goýuldy. Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen, ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulyşýar. Şonuň netijesinde, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ýokary tizlikli ösüş üpjün edilýär. Ilatyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we durmuşyň eşretlerini görüp ýaşamagyna täze mümkinçilikler we şertler döreýär. Adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýe bolan sanly ulgamyň ýurdumyz boýunça esasy ugurlary kesgitlenip, onuň milli bilim, kanunçylyk, şähergurluşyk ýaly pudaklarynda uly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy. Ähli ulgamlaryň durnukly ösüşine uly itergi berýän sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, jemgyýetde we döwlet dolandyryşynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagyna, ykdysady we önümçilik işiniň esasy görnüşlerini dolandyrmakda awtomatlaşdyrmak we merkezleşdirilen dolandyryş işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Sanly we «bulut» tehnologiýalary durmuşymyzy çalt özgerdýär. Işewürligiň, jemgyýetiň we döwletiň elektron aragatnaşyk ulgamyna giňden goşulyşmagy jemgyýetçilik we şahsy gatnaşyklaryň usullaryny düýpgöter üýtgedýär. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýeti giň gerimli sanly giňişlige — ulgamlaýyn ählumumy bazara öwrülýär. Innowasiýalara daýanýan ylmy we tehnologik özgertmeler, sanlylaşdyrma we maglumatlaşdyrma meýilleri düýpgöter täze, sanly görnüşdäki bitewi gurşawy kemala getirýär. Sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda teleköpri arkaly okuwlar, ylmy bäsleşikler geçirilýär. Hemmetaraplaýyn ösüşiň depgininiň ýokarlanmagy jemgyýetiň ylmy-tehniki kuwwatyna bagly bolup durýar. Ol ylmyň we tehnikanyň ösüş kuwwatyna, jemgyýetiň ylmy-tehniki meseleleri çözmek bilen bagly mümkinçilikleriniň hem-de gorlarynyň derejelerine toplumlaýyn baha bermek bilen häsiýetlendirilýär. Ol görkezijiler bolup hem bu ugurda zähmet çekjek hünärmenler, işleriň maddy-tehniki üpjünçiligi, maglumatlar gory ýaly meseleler çykyş edýär. Şunuň bilen bir hatarda «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynda: «Administratiw önümçiligiň amala aşyrylmagy ýönekeý, maksadalaýyk we gysga möhletli bolmalydyr» diýen kada berkidilen. Bu kada, ilkinji nobatda, önümçiligiň ähli babatda tygşytly bolmalydygyny aňladýar, ýagny mümkin boldugyça az harajat etmek arkaly kesgitli netijäniň ýa-da anyk serişdeleriň üsti bilen mümkin bolan oňyn netijäniň gazanylmagyny göz öňünde tutýar. Ýönekeýlik we maksadalaýyklyk diňe çözgüt kabul etmek üçin zerur ýagdaýlaryň ýüze çykarylmalydygyny, eger ýüze çykan sorag ýazmaça görnüşde ýa-da aragatnaşygyň häzirki zaman elektron serişdeleri arkaly çözülip bilinýän bolsa, önümçiligiň raýaty ýa-da ýuridik şahsyň wekilini çagyrmazdan amala aşyryp bolýandygyny aňladýar. Sanly tehnologiýalaryň şeýle tiz ösýän, kämilleşýän döwründe adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara dünýä derejesinde bilim bermekde, ylym öwretmekde edýän taýsyz tagallalaryna jogap edip, her birimiz bildirilýän uly ynama gaýratly zähmet bilen jogap bermelidiris.

Sahyberdi JEPBAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar