Altyn şuglaly mekan

11 Iýul 2024
692

Döwletimizde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, energetika pudagyny ösdürmek babatda üstünlikli işler amala aşyrylýar. Pudakda önümçilige öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň möçberi ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ýurdumyzda energiýa gurluşykçylarynyň zähmetsöýerligi netijesinde energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak işi taslama laýyklykda dowam edýär. Taslamanyň birinji tapgyry 2021-nji ýylda Ahal—Balkan bölegi, 2023-nji ýylda Mary—Ahal bölegi boýunça işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Daşoguz welaýatynda «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň garamagyndaky «Altyn Tug», «Ýedi tolkun» hususy kärhanalarynyň işjanly gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilen ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň Balkan—Daşoguz ugry boýunça üçünji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi, her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany täze elektrik beketleriniň açylmagy ähmiýetli wakalaryň biridir.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar