Baryňyz baharym meniň!

11 Iýul 2024
767

Ene-ata, ogul çaga dünýä inende, «Döwlet guşum», gyz çaga dünýä inende «Göwün hoşum» diýip arzylap, kemala getirýär. Onuň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuwlaýar. Özüniň ene-atalyk borjuny berjaý etmeklige çalyşýar. Çagalarynyň öz sözlerine gulak goýup, pendi-nesihat bilen iki jahanda hem ýagşy at galdyrmagyny isleýär.

Oglan perzent ata, gyz perzent enä ýakyn bolýar. Ene-atanyň özlerini alyp barşy, biri-birine hormaty, garaýşy çagalaryň synçy nazaryndan sypmaýar. Maşgalada biri-biriňe sylag, mähribanlyk daş-töwerege bolan söýgini oýarýar. Perzent ulalyp kemala gelýär, durmuş ýoluna gadam basýar. Bilim alyp, hünär öwrenmek bilen, belent mertebeli ynsan bolmak baradaky ene-atanyň gulagyna guýan pentlerine uýan çagalar halkyň hezzet-hormatyna mynasyp bolýar. Terbiýe bilen bagly gürrüň orta atylanda, käbir ýaşlaryň durmuşa garaýşy göz öňüňe gelýär.

Serdar ŞAMYRADOW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar