«Şir ýag» täze güýç paýlaýar

10 Iýul 2024
682

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, hususy pudagyň işini barha kämilleşdirmek babatynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli tutumlaryň netijesinde häzirki wagtda Watanymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleriň önümçilikleriniň aglabasy ýola goýuldy.

Ine, şeýle hususy kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ismaýilguly Ahmedowa degişli bolan, Dänew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Şir ýag» hususy kärhanasydyr. «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň düzüminde hereket edýän bu döwrebap hususy önümçilik jemi 30 müň inedördül metr meýdany eýeläp, şonuň 3 müň inedördül metrinde ýapyk binalardaky önümçilik desgalary, barlaghanalar, we ammarlar ýerleşdirilipdir. Häzirki wagtda bu ýerde 40-dan gowrak işçi-hünärmen yhlasly zähmet çekýär. Hususyýetçi geljekde önümçiligiň gerimini has hem giňeldip, işgär sanyny 100-e ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu döwrebap hususy kärhana kämil innowasion enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, önümçilik, esasan-da, bölümleriň 6-synda guramaçylykly alnyp barylýar. Bu ýerde awtoulaglar we oba-hojalyk tehnikalary üçin ýaglaryň 25 görnüşi taýýarlanylýar.

Bahtyýar AHMETJANOW,
welaýat statistika müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar