Türkmen halkynda «Aty çykmak» diýen düşünje şatlykly wakanyň buşlugy hökmünde kabul edilýär. Her ýylyň ýazky hem-de güýzki at çapyşygy möwsüminiň geçirilmegi ýurdumyzda ahalteke bedewlerine belent sarpa goýulýandygyndan nyşandyr.
Gahryman Arkadagymyz meşhur ahalteke atlary, görnükli seýisler, atşynaslar bilen baglanyşykly işleriň içgin öwrenilmegine, atşynaslyk sungatynda syrly iş tärleriniň türkmen we dünýä atşynaslaryna giňden açylyp görkezilmegine uly mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ahalteke bedewlerini içgin öwrenýän dünýäniň belli atşynaslaryň, alymlaryň we hünärmenleriň, ahalteke bedewleriniň janköýerleriniň atçylygy ösdürmekdäki tagallalaryny birleşdirmäge we olaryň işlerini utgaşdyrmaga uly ýardam berýär. Şonuň üçin bu gün watandaşlarymyzyň, hususan-da, behişdi bedewlerimiziň muşdaklarynyň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallygynyň çägi ýokdur.