25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.
Aşgabat şäherinde geçirilýän türkmen-emirlikler işewürlik forumy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem-de täze ugurlar boýunça giňelmegine ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, saparyň hem-de işewürlik forumynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.