Döwrümiziň galkynyşy ylham joşgunynda

26 Iýun 2024
570

Şu günler ýurdumyzda eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli geçirilip gelinýän Medeniýet hepdeligi uly ruhubelentlige beslenýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, hepdelige welaýatymyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri hem gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hepdeligi ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri kabul etdi. Munuň özi şu gezekki hepdeligiň esasy aýratynlygy hökmünde öňe çykýar. Täze şäheriň döwrebap medeni ojaklarynda geçirilen dabaralara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy aýratyn öwüşgin çaýdy.

Beýleki habarlar