Milli mirasymyza sarpa

26 Iýun 2024
872

Her bir halkyň milli mukaddesliklerini, ruhy gymmatlyklaryny aýdyň görkezýän zatlar bolýar. Türkmen özüniň ýyndam we owadan bedewi, nepis halysy, şaý-sepleri bilen örän ir eýýamlardan şöhratlanan halkdyr. Azady, Magtymguly, Andalyp, Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly beýik şahyrlar şu toprakda dünýä indi. Dünýäniň esasy edebi eserleri bilen bir hatarda durup biljek «Görogly», «Gorkut ata» şadessanlary şu toprakda döredildi. Abu Aly ibn Sina, Abu Reýhan Biruni, Omar Haýýam ýaly alymlar gadymy Merwiň müňlerçe gymmatly kitaby özünde jemlän kitaphanasynda gözýetimini giňeltdiler. Nusaý, Köneürgenç, Merw, Amul, Änew, Sarahs, Dehistan ýaly her biri gadymy ýa-da orta asyrlar döwründe dünýä medeniýetine goşant goşan iri siwilizasiýalaryň mesgeni bolan meşhur şäherleriň binýady şu toprakda tutuldy. Halkyň içinden çykan akyldarlar, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, pelsepeçiler halkyň taryhy, dil hazynasy, isleg-arzuwlary, dünýä akyl ýetirmek baradaky pikirler siňdirilen terbiýeçilik ähmiýetli eserleri döredipdirler. Halk öz nesliniň ahlak taýdan päkize, mert, watansöýüji, ynsanperwer bolup ýetişmegi, ata-babalarynyň ýoluny abraý bilen dowam etdirmegi üçin özboluşly mekdep bolan milli mirasyna daýanypdyr.

Halkyň milli mirasy şu güni we ertiri birleşdirýän köpri bolan bahasyz ruhy baýlykdyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda milli mirasymyza örän aýawly garalýar, ony geljekki nesillerimiz üçin gorap saklamakda uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi halkymyzy çäksiz begendirýär we buýsandyrýar.

Gurbanmyrat SÖÝÜNOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar