25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi.