Dünýä nusgalyk nepislik

24 Iýun 2024
856

22-nji iýunda Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli desgalar, hususan-da, Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamasy bilen tanyşmagy milli gymmatlyklarymyzyň sarpalanýandygynyň aýdyň beýany boldy. Halyçylyk pudagynyň bu desgasy täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokalmagynda mynasyp orny eýelär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň halyçylyk sungatynyň däpleri uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýar. Arheologlar ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde tapylan daş ikler, egriji gurallar, ýüplük we keser türkmenleriň örän gadymy wagtlardan bäri haly sungaty bilen meşgullanyp gelendigine şaýatlyk edýär.

Aýna GELDIMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar