Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: hyzmatdaşlyga gönükdirilen tagallalar

20 Iýun 2024
478

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistika düzümini ösdürmek arkaly gadymy Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça geçirilýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýete däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berýär. Örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm ulag-üstaşyr merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan Türkmenistan bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine ýerlikli peýdalanýar.

Daşary ykdysady gatnaşyklar dünýäde bolup geçýän özgerişlikleri göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Soňky ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş aýratynlygy milli ykdysadyýetleriň ählumumylaşmagy we halkara häsiýete eýe bolmagy bilen şertlenendir. Bu şertlerde halkara ykdysady gatnaşyklary netijeli ösdürmek üçin halkara ulag geçelgeleriniň ähmiýeti has-da artýar. Häzirki döwürde ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, dünýäniň dürli sebitlerinde halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döredilýär. Bu bolsa dünýädäki millionlarça adamlaryň ulag hyzmatyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, tebigy baýlyklary özleşdirmäge we diwersifikasiýa ýoly bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýär.

Nursähet ÝUSUPOW,
Balkan welaýat kazyýetiniň kazysy.
Beýleki habarlar