Halkymyz söz ussatlaryna hemişe belent sarpa goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň şöhraty has-da dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Ynsan kalbynyň ruhy lukmany» bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden durmuşyň her bir ýüze çykarýan soragynyň jogabyny tapmak bolýar.
Şahyryň many-mazmundan ýüki ýetik şygyrlarynda durmuşyň dürli ugurlaryna, ähli taraplaryna degişli meseleler bilen birlikde, türkmen zenanynyň çeper keşbine hem uly baha berilýär. Goşgularda türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan asyllylyk, agraslyk, mylakatlylyk, alçaklyk ýaly gylyk-häsiýetler inçeden yzarlanýar.