Zergärçilikde ulanylýan daşlar

19 Iýun 2024
969

Türkmen zergärçiliginde, köplenç, merjen, hakyk, pöwrize daşlaryny köp ulanypdyrlar. Zergärler şaý-sep ýasanlarynda hakyk daşyny ulanýarlar. Hakyk daşy ata-baba ulanylyp gelnen daş. Milli ynanjymyza görä, hakyk daşynyň ynsan saglygyna ähmiýeti uludyr. Halk ynançlaryna görä, bu daş öýe bagt getirýär, maşgala ojagyny abat saklaýar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplarynda hakyk daşy köp ulanylýar. Ol aty bela-beterden gorap saklaýar diýlip hasaplanylýar.

Pöwrize — bu daşa «bagt daşy», «ýeňijiniň daşy» hem diýilýär. Ol wepaly söýgini alamatlandyrýar. Sowgat berlen ýüzügiň pöwrize daşy kem-kemden agaryp, solup başlasa, sowgat bereniň ýüreginiň mähri, söýgüsi azalyp başladygy hasaplanylýar. Bu daşdan ýasalan şaý-sepler Müsürde, Hindistanda, Orta Aziýada meşhur bolupdyr. Gadym döwürde bu daşy patyşalar we alymdyr lukmanlar ýanynda göterip, oňa buýsanypdyrlar we hazynalarynda onuň sanyny köpeldipdirler. Owradyp, suwa garylyp içilen pöwrize daşy içýanyň we başga mör-möjekleriň zäherini bedenden çykarýar. Gündogar pähimleriniň birinde «Kim ertir ir bilen pöwrizä seretse, ol gözüň görejini gowulandyrýar» diýilýär. Pöwrize gaşy goýlan kümüş ýüzügi, gülýakany ýa-da gulakhalkany dakynanlar ukusyzlykdan ýa-da ýaramaz düýşleri görmekden azatdyrlar. Şeýle hem bu daş ýüregi gurplandyrýar. Pöwrize gaşly zynjyr boýna dakylsa, ol ýüregiň sagdynlygyny berkidýär we sarygetirmäni bejerýär.

Taýýarlan Gunça SEÝIDOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar