Düýe ýüňünden taýýarlanylýan önümler saglygy bejerijilik täsire eýe bolmak bilen, halkymyzyň durmuşyna çuňňur ornaşandyr. Düýäniň ýüňünden taýýarlanylýan agarçäkmen, ýassyklar, saçaklar durmuşda uly islegden peýdalanýar.
Irki döwürlerden bäri özüniň gymmatyny gaçyrman, biziň günlerimize gelip ýeten, halkymyzyň sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklarynyň biri bolan düýe ýüňünden taýýarlanylýan agarçäkmen ak öýüň törüni bezeýär. Agarçäkmeniň matasyndan öl geçmeýändigi üçin ony ýagyş-ýagmyrda, çygly howada geýýärler. Şeýle-de düýe ýüňünden dokalan egin-eşikleriň kesel bejerijilik ähmiýetiniň uludygyny hem bellemek gerek. Ol böwrek sowuklamasyndan, guragyrydan ejir çekýänlere melhem bolýar.