Gelinlik dünýäsiniň gelşigi

18 Iýun 2024
797

Gaýyn öýüniň işiginden ilkinji ätlän gelinleriň başyna gyzyl-elwan bolup lowurdap duran, gül-gunçaly, älemgoşar öwüşginli çarşawyň (ýurdumyzyň günbatar sebitinde çäşewi diýlip atlandyrylýar) atylmagy onuň gelinlik dünýäsiniň şeýle gözellige beslenmegi baradaky arzuwdan gözbaş alýar. Balkan welaýatynda mahsus bolan bu ýörelge asyrlardan-asyrlara aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ene-mamalarymyz başy çarşawly gelni alnyna sylyp, ýagşy niýet bilen garşylapdyrlar. Ýigidiň gelni alyp gelen ýeňňesidir öýlenýän oglanyň dost-ýarlary bolsa:

— Mahmal-begres içinde,
Saýlanýarsyň, gözel gyz.
Çäşewini atynyp,
Sallanýarsyň, gözel gyz —

Nursoltan DEPBIÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar