Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary hatlarynda bu gadymy baýramyň parahatçylygyň, jebisligiň, ruhy päkligiň nyşany bolmak bilen, türkmen halkyna mahsus ýagşylyk, ylalaşyklylyk ýörelgelerine ygrarlylygy alamatlandyrýandygyny nygtaýarlar.
Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy ähli musulman ymmaty üçin mukaddes bolan bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw edýärler.