Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory G.Hallowow dramaturg G.Daňatarowyň «Maşgalam — baş galam» atly pýesasy esasynda spektakly sahnalaşdyrdy. Maşgala gymmatlyklary hakynda sahna dili arkaly gürrüň berýän spektaklda teatryň belli artistleri keşpleri ynandyryjy janlandyrdylar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndan ruhlanyp, teatryň döredijilik topary akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk ýyllary barada gürrüň berýän «Ajap eýýam» atly täze spektakly hem taýýarladylar. Teatryň artisti H.Batyrowyň edebi esasyny ýazan hem-de režissýorlyk eden spektaklynda dana Pyragynyň talyplyk döwri başdan geçirýän ruhy ahwallary çeper keşpler arkaly täsirli açylyp görkezilýär.