Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen, her kime öz pikirini, döreden zadyny, gazanan üstünligini dünýä halklaryna ýaýmak, ýetirmek mümkin boldy. Ukyp-başarnygyny köpçülige görkezmek, özüni dünýäde meşhur etmek isleýän her bir adam wideo ýa-da ses ýazgysyny, taýýarlan şekilli aýdymlaryny internet arkaly tomaşaçylara ýetirip, birnäçe wagtyň içinde şöhrat gazanýar. Ýöne munuň üçin köpçüligiň göwnünden turjak, her kimiň halajak, peýda getirjek maglumaty taýýarlap, internete bermek esasy şertleriň biridir.
Koreýaly aýdymçy Pak Çe Sana öz döredijiligi bilen dünýä meşhur bolmak başartdy. Ýagny onuň «Gangnam style» atly şekilli aýdymy internete ýüklenen gününden bäri dünýäde iň meşhur aýdym hasaplanýar. Bu şekilli aýdym 2012-nji ýylda internetiň «YouTube» ýaýlymynda halk köpçüligine ýetirildi. Görkezilişiniň ilkinji gününden eýýäm millionlarça tomaşaçynyň ünsüni çeken bu aýdym Pak Çe Sana bütin dünýäde şöhrat getirdi. Wagtyň geçmegi bilen şekilli aýdyma tomaşa edýän adamlaryň sany artyp 2 milliarddan hem geçýär. Netijede «YouTube» ýaýlymynyň işgärler topary hasabaty ýöretmek üçin täzeçe usul oýlap tapmaly bolýarlar. Maglumatlarda aýdymçy Pak Çe Sandan öň bular ýaly ajaýyp üstünlige ýeten aýdymçynyň ýokdugy barada aýdylýar.