«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024
Ylym-bilim — bahasyz hazyna. Ýurduň bagtyýar geljeginiň ylym-bilim bilen baglanyşdyrylmagy netijesinde döwletimizde ylym-bilime höwesek ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge, bilim almaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda bilim ojaklarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň hem-de orta mekdepleriň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilip, olaryň ylymly-bilimli ýaşlaryň ygtyýaryna berilmegi ýurdumyzda ylym-bilimiň has-da gülläp ösmegine getirdi.