Daglar

8 Iýun 2024
525

Olar gudrat bolup dogulýar. Soňra müňläp ýyllar geçýär. Şonda-da sarsmaýar. Başlary mydama gowgaly. Apy-tupanlar hars urup, däli siller bükdürilişip, onuň erkini syndyrjak bolýar. Munuň üstesine-de gör, kime atylan oklar gelip-gelip ýene-de şoňa degýär. Olar syr saklap howalanyp dur. «Adam diýilýän mahluklar başy» onuň duşundan misli gyzykly kino ýaly geçip gidýär. Munda zawlary beýik babamyz aýtmyşlaýyn, aždarha eýeleýär. Onuň her bir namarda ýetdirmeýänligi nähili gowy! Tebigat daglara mert täleý hem-de gaýratly ömür beripdir.

Magtymguly hem daglar! Olar bir-birine ötlem-ötlem, kemer-kemer bagly. Beýik şahyryň mährini inderen setirlerini okap, şeýle netijä gelýärsiň: onuň ýürek edip gerdenine alan ýüküni diňe daglar çekip biljek:

Baý­ram JÜT­DI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy
Beýleki habarlar