Türkmen ruhuna heýkel

8 Iýun 2024
563

«Magtymgula ýetmek aňsat däl». Bu sözi 2022-nji ýylyň maý aýynda, belent heýkeliň dikeldiljek ýerine ýetenimde aýdypdym. Ýola düşmänkäm, belli heýkeltaraş Saragt Babaýewe jaň edip, onuň şol ýerdedigini, ýadygärligiň işleri bilen meşguldygyny anyklapdym.

Dag eteginiň, bu ýerdäki seýilgähiň gözelliklerini aralap, arzuwyňa tarap göterilip ugrarsyň — ýokarlygyna, Magtymgula tarap uzaýan basgançakly ýoluň her ýerinde-her ýerinde meýdança bardyr. Basgançaklaryň her toplumyndan geçip, şol meýdançalaryň birinde demiňi dürsärsiň. Şeýdip basgançak-basgançak ýokary galarsyň... Şol pursatlar akyldaryň hakykatyň ýollaryny külterleýşi-de ýadyňa düşmän durmaz. Ol ýollar hasam uzak, hasam kyn bolandyr. Onda diňe injigiň gurbatyna däl, ylmyň hem akylyň güýjüne daýanmaly bolandyr.

Akmyrat HOJANYÝAZ
Beýleki habarlar