Ýurdumyzda uly ösüşleriň amala aşyrylýan döwründe ähli pudaklar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem belent sepgitlere ýetilýär. Ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artdyrylýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň döwlet derejesinde bellenilip, halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi hem türkmen ylmynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi ugrunda, şeýle-de ýurdumyzda alymlar, ylmy işgärler hakynda edilýän aladanyň, döwlet tarapyndan berilýän uly ünsüň subutnamasydyr.