Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň esasy aýratynlygy onuň Konstitusion kanun tarapyndan berkidilmegidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaýyn hukuk resminamasy bolmak bilen, tutuş halkymyzyň kanuny erk-isleglerini, hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirýär.
Türkmenistan özüniň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynda umumy ykrar edilen halkara demokratik ýörelgelere hemişe wepalydygyny görkezýär. Türkmen halkynyň taryhda ençeme döwletleri guran ata-babalarymyzdan miras galan demokratik däpleri we jemgyýetçilik durmuşyny gurmagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriniň utgaşykly birleşmegi milli döwletliligi gurmakda türkmen halkynyň ýolunyň özboluşlylygyny şertlendirdi. Döwlet hem-de jemgyýetçilik gurluşynyň bu görnüşi ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hem öz beýanyny tapdy.