«Awaza» şypahanasyna, hoş geldiňiz!

7 Iýun 2024
873

Dag-düzi, deňiz-derýasy, çöli-sährasy ajaýyp ýurdumyzyň gözel tebigaty bar. Gojaman Hazar deňziniň howasy şypaly kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi hem Watanymyzyň gözelligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Awaza» häzirki wagtda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda döwrebap sagaldyş-dynç alyş merkezleri, myhmanhanalary, sport desgalary, medeni-dynç alyş seýilgähleri bilen uly meşhurlyga eýedir. Hazar deňziniň bu ajaýyp kenary jennetiň bir bölegini ýadyňa salýar. Hatar-hatar ekilen daragtlar ösüp-ýetişip gür baglyga öwrüldi. Deňziň üstünden öwsüp gelýän tämiz howa seriňi göge göterýär, göwnüňi galkyndyrýar. Ynsan saglygy üçin şeýle ajaýyp ýerde ýerleşýän «Awaza» şypahanasy hem elmydama köp adamly. Şypahana bir gelen, ýene gelýär. Ýyl-ýyldan şypahana gelýänleriň sany artýar.

Hazar deňziniň gözel kenarynda ýerleşýän «Awaza» şypahanasyna ýylyň ähli pasyllarynda gelýänleriň yzy üzülmeýär. Ýagny bu ýeriniň elmydama özüne mahsus tebigy gözelligi hem-de saglyga ýaramly howasy bar. Şeýle-de şypahanada raýatlara hödürlenýän hyzmatlaryň ählisiniň bir binanyň çäginde amala aşyrylýandygy oňaýly ýeňillik döredýär. Döwrebap binanyň şypahana hyzmatlary ýerine ýetirilýän otaglardyr enjamlar bilen ýokary üpjünçilige eýedigi üçin raýatlaryň dikeldiş-bejeriş bejergilerini almagynda hiç-hili bökdençlik ýüze çykmaýar. Ildeşlerimiziň hem-de syýahatçylaryň, ýurdumyzdaky dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän daşary ýurtlaryň arasynda barha adygýan şypahanada iň döwrebap şypahana we dikeldiş-bejeriş hyzmatlary hödürlenilýär. Daşary ýurtly raýatlar gelende özara düşünişmekde päsgelçilik döremez ýaly ýörite hünärmenlerimiz dünýä dillerini özleşdirýärler.

Berdimämmet GURBANOW,
«Awaza» şypahanasynyň baş lukmany.
Beýleki habarlar