Beýik Seljuklaryň binagärlik sungaty

6 Iýun 2024
982

Halkymyzyň bina gurmak, döretmek taglymaty öz gözbaşyny gadymlardan alyp gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirýärsiň.  Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, halkymyzyň binagärlik sungaty barada dürli taryhy maglumatlar berilýär. Bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri‑biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar» diýip belleýär.

XI-XII asyrlarda Beýik Seljuklar döwründe şäher gurluşygynyň meselelerine köp üns berlipdir. Merkezi Aziýanyň gadymy ýadygärliklerini öwreniji G.A.Pugaçenkowa Seljuklar zamanasynda özboluşly ýörite mekdepleriň bolandygyny  ylmy taýdan aýdyp geçýär. Olara mysal hökmünde Gündogarda ady belli bolan Sarahs binagärlik mekdebini aýtmak bolar. Onuň ymaratçy ussalary Gündogaryň köp şäherleriniň gurluşygyna gatnaşypdyrlar. Olaryň guran binalarynda diwaryň içinde däliz oňarmak, gümmezi iki gat gurmak ýörgünli bolupdyr. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan şeýle ýadygärliklerden Mänedäki Abu Seýdiň, Sarahsdaky Abul Fazlyň kümmetlerini görkezmek bolýar. Şol döwrüň ussalary iki gatly gümmezli binalary örmekde ussatlyga ýetipdirler.  Bu işde,  aýratyn-da, sarahsly akyldar Muhammet ibn Atsyz has şöhrat gazanypdyr. Seljuk türkmenlerinde metjitleriň, medreseleriň, köprüleriň, kitaphanalaryň, bentleriň, kerwensaraýlaryň we beýleki ymaratlaryň gurluşygyna aýratyn üns berlipdir. Hakykatdan-da, XI-XII asyrlar Türkmenistanyň  çäklerinde şäher gurluşygynyň we binagärligiň aýratyn ösüş ýoly bilen şöhratlanypdyr. Orta  asyrlarda türkmen topragynda ýaşap, akylyňy haýran edýän ymaratlary gurup, nesillere ýadygär galdyran ussalardan Muhammet ibn Ali as-Sarahs, Abu al-Huseýin, Abu-Bekir, Atsyz, Aly ibn-Zeýidi, Abul-Huseýin ibn Muhammet al-Naka dagy has-da tapawutlanypdyrlar. Bu ussat ussalar algebra, trigonometriýa, geometriýa ýaly ylymlardan baş çykaryp, öz bilimlerini gurluşykda giňden ulanypdyrlar.

Aziz HASANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar