Ylym — ösüşleriň binýady

6 Iýun 2024
837

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda giňden bellenip geçiljek seneleriň biri-de Ylymlar günüdir. Güneşli diýarymyzda bu sene ýylyň-ýylyna baý many-mazmunly çärelere sepleşip, giňden dabaralandyrylýar. Munuň özi ýönelige däldir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda bellenilişi ýaly, «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir». Şonuň bilen baglylykda, bu gün ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlandyrylmagyna uly üns gönükdirilýär, ýurdumyzda ylmyň dünýä derejesinde laýyk getirilmegine ähmiýet berilýär, ylym-bilim maksatly gurulýan binalar giň gerimler bilen ýaýbaňlandyrylýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurdaky taýsyz tagallalar ösen tehnologiýalardan habarly, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine itergi bolýar.

Maýsa MYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar