Milli goşunymyzyň sarsmaz kuwwaty

5 Iýun 2024
976

Ýurdumyzda goşunlaryň ähli kysymlarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, harby okuw meýdan türgenleşikleri yzygiderli geçirilýär. Bu okuwlar harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň nobatdaky gezek bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşigi turuwbaşdan mertlige, batyrlyga ýugrulandygy bilen tapawutlandy. Ýurdumyzyň günbatar sebitinde geçirilen bu okuw-türgenleşiginde merdana harby gullukçylarymyz gaýratly pederlerimiziň mynasyp dowamydyklaryny ýene bir gezek subut etdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady, onuň üpjünçiligi kämilleşdirilýär, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge, goşunlaryň dürli kysymlary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň hiline, olaryň gullugyna öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ugurlardyr. Şol özgertmeleriň netijeliligi bolsa özygtyýarly, kuwwatly, oňyn Bitaraplyk syýasatyna, ähli ýurtlar bilen parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly döwlet hökmünde Türkmenistanyň derejesini berkidýär.

Muhammet BABAÝEW,
maýor.
Beýleki habarlar