Watanyň nurana geljegi

29 Maý 2024
1049

Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ylmyň-bilimiň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini çaltlandyrmak we onuň belent basgançaklaryna ýetmek ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Häzirki döwürde dünýäde durmuşa höwesliligi, hyjuwlylygy artdyrmaga kömek edýän kitaplar köp okalýar. Şeýle kitaplaryň ýaşlara öz ukyplaryny açmaga ýardam edýän halatlary hem köp bolýar. Şol bilimleri hem watançylykdan aýratynlykda göz öňüne getirmek kyndyr. Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýip nygtaýar. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, olaryň sazlaşykly ösüşi, saglygy, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym, döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» hem bu babatdaky anyk mysallaryň biridir. Bu Strategiýa ýaşlary hemmetaraplaýyn ösdürmek, olary Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge çekmek, ylym-bilim, sport ugurlaryndan dünýä derejesine çykarmak, Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini öwrenip, olary giňden ýaýmak ýaly meseleleriň çözgüdidir.

Şatlyk HYDYROW,
çagyryş boýunça harby gullugyň seržanty.
Beýleki habarlar