Saglyga gönükdirilen asylly başlangyçlar

29 Maý 2024
886

Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle işleriň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde has-da kämilleşýär. Munuň şeýledigini golaýda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi hem tassyklaýar. Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek subut edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýan pul serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär. Şu ýylda Bäherden etrabynyň hassahanasyna we Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem iki sany “Dialog+” kysymly emeli böwrek enjamynyň sowgat hökmünde gowşurylandygy hem biziň aýdanlarymyzy dolulygyna delillendirýär.

Annagözel Ataýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar