Jana zulumdyr çilim

29 Maý 2024
1086

Adamyň sagdyn we uzak ýaşamagy köp derejede onuň özüne bagly. Munuň üçin ýaramaz pişelerden daşda durmaly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Ýöne, nebsimiz agyrsa-da, öz saglygyna biperwaý seredýänlerem, çilim çekýänlerem ýok däl. Çilim bolsa adamyň saglygynyň ganym duşmany, janyna zulumdyr. Onuň düzüminde zyýanly maddalaryň müňlerçesi bolup, olar adamyň saglygyna ýykgynçylykly täsir edýär. Çilimi yzygiderli çekýän adamlaryň degna ulgamy gowşak, ukusy ýaramaz bolýar. Olaryň tiz gahary gelýär, pikirlenmesi pes bolýar. Şeýle-de olar özlerini biperwaý alyp barýarlar, häsiýetleri bolsa durnuksyzdyr. Çilimkeşler degna keselleri bilen köp keselleýärler.

Çilimiň zyýany diňe ýokarda beýan edilenler bilen tamamlanmaýar. Ol adamyň dem alyş ulgamyna zeper ýetirip, bronhit, öýken çişmesi ýaly howply keselleriň döremegine sebäp bolýar. Şonuň üçin bu howply we bet pişeden daşda duruň! Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanyň! Şonda ömrüňiz manyly, bedeniňiz sagdyn bolar.

Gunça ATAKOWA,
welaýat narkologiýa hassahanasynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar