Kakageldi Gul pälwan

24 Maý 2024
1095

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Ahalyň göreş düzgüni boýunça ilkinji baş baýraga çykan dört jübüt ahmyrly bolmaz ýaly täzeden tutluşdyrylýar. Ine, şol toýda hem Kakageldi Poran pälwan bilen göreş tutýar. Ol çepine göterjek bolanda, myhman pälwan badak salyp ýeňiş gazanýar. Gaýtadan tutluşylanda, garşydaşy çilip, arkanlygyna zyňjak bolanda, Kakageldi pälwan eline tekge berip, aýagyny çekende, Poran pälwan sogrulyp diň arkan gaýdyp ýeňilýär. Soňky dörtlükde hem, bu iki pälwan göreşende Kakageldi pälwan sagyndan gyşarylybrak baryp, garşydaşyny göterip, daşyndan bir sapar aýlap, ýere goýup badak atyp ýykýar.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.
Beýleki habarlar