Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Ilon Maska degişli ozalky “Twitter”, häzirki “X” jemgyýetçilik tory Stambul şäherinde wekilhanasyny açdy. Bu barada Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly habar berdi.
Ol beren beýanatynda “X” jemgyýetçilik torunyň mundan beýläk, Stambuldaky wekilhanasynyň üsti bilen Türkiýedäki işlerini alyp barjakdygyny mälim etdi.