Sahawat serpaýy

22 Maý 2024
909

Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri giň gerimde alnyp barylýar. Onuň netijesinde, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolan wagtynda etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat etdi we olar häzirki wagtda halkymyza hyzmat edýär.

Gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen, täze dik uçarlary we Mary welaýat çagalar hassahanasyna emeli dem beriş we fiziologiýa gözegçilik monitorynyň sowgat berilmegi bu işleriň üstüni ýetirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Pemberton usuly boýunça ortopedik operasiýalary ýerine ýetirmek üçin zerur enjamlar toplumynyň sowgat berilmegi bu usul arkaly hirurgik bejeriş operasiýalaryny ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň lukmançylyk amalyna ornaşdyrmaga ýardam etdi. Sebäbi zerur bolan enjamlar toplumynyň kömegi bilen ortopediýa ugry boýunça dürli çylşyrymly amallary ýerine ýetirmek üçin oňaýly şertler döredildi.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar