Watan hakyndaky müdimi owaz

22 Maý 2024
934

Durdy bagşynyň «Ak ýüzli Maralym» atly belli aýdymy döreden sazanda-şahyrdygyny köpler bilýändirler. Bu aýdym başdan-aýak çeküwli bolup, hemme bagşa şeýle kyn aýdymlary aýtmak başardyp hem durmaýar. Şony nazarda tutup hem, käbir aýdymlara aýdym-sazdan gowy baş çykarýan adamlar «Bagşy saýlaýan aýdym» diýýärler. Durdy bagşynyň bu goşgusynyň her bendi bäş setirden we on dört bogundan ybaratdyr. Türkmen edebiýatynyň goşgy düzüliş aýratynlygyndan azda-kände habarly adamlar bilýändirler, Magtymguly Pyragynyň enesi ýogalanda ýazan «Kaýda sen?» atly goşgusy hem şol galypda ýazylandyr. Dostmämmet, Durdy şahyr XIX asyr türkmen edebiýatyna, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ondan öňki asyra degişli. Taryhy birleşdirýän uly wakalaryň ähmiýeti bolsa bimöçberdir. Magtymguly Pyragynyň fenomen şahsyýeti barasynda şony aýtmak bolar. Dünýä taryhyna irki ekerançylyk medeniýetini ornaşdyran Änewiň ekerançylygy hem taryha täzelik getiren hadysadyr. Iki sany taryhy ähmiýetli uly hadysa Watanymyzyň şöhratly sahypasydyr, halkymyzyň ebedi hakydasydyr, dünýäniň medeniýet äleminde bolsa lowurdaýan ýyldyzlardyr. Köpetdagyň eteginde dörän gadymy medeniýet, Etrek hem-de Sumbar derýalarynyň boýunda dünýä inen beýik mukaddeslik — bular halkymyzyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir, dünýä medeniýetiniň gymmatlygydyr. Edebiýat hem taryhy öwrenmegiň bir çeşmesidir. Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem XVIII—XIX asyrlarda ýaşap geçen şahyrlaryň döredijiliginde hem şol döwrüň ýaşaýyş-durmuşy suratlandyrylýar. Magtymguly Pyragynyň ýüzlenen temalarynyň şondan soňky döwürde ýaşap geçen türkmen şahyrlarynyň döredijiliginde giňden şöhlelenmegi, syýasy wakalaryň, medeni gurşawyň hem ýakynlygyny görkezýär. Änew şäheriniň taryhy ornuny, Dostmämmet şahyryň watançylygyny açyp görkezýän şu goşgy bendini bolsa, gaýtaladygyňça, manysy çuňlaşýan ýaly görünýär.

Dostmuhammet, köňlüm senden üzülmez,
Taryhda ýazylmyş Änew bozulmaz —

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan.
Beýleki habarlar