Halkymyzda pähim-parasada ýugrulan birnäçe nakyllardyr atalar sözleri bar. Olaryň her biriniň aňyrsynda durmuş hakykaty durýar. Ata-babalarymyzyň «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýen halk pähiminde awçylyk bilen durmuş hakykatynyň durandygyny gürrüň berýärler. Halkymyzyň awçylyk bilen bagly döreden birnäçe ýörelgeleri hem durmuşyň ýazylmadyk kanunlary ýaly adata öwrülip gidipdir.
Awa çykylanda, islendik haýwany awlanyňda ony kowup awlamak halallyk hasaplanypdyr. Awçynyň öňünden dogry gelen janawara degilmändir. Dogry öňüne çykan haýwany atmak oňlanylmandyr. Şonuň üçin hem «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýlipdir. Bu pähim durmuş hakykaty bilen birlikde, adamlaryň dogruçyllyk häsiýetini ösdürmekde hem ähmiýetli bolupdyr. Halk pähimleriniň şeýle giň many-mazmuny olaryň durmuşy ähmiýetiniň uludygyny aýdyň görkezýär.