«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň baş maksady halkyň eşretli durmuşda ýaşamagydyr. Bu asylly maksada ýetmekde jemgyýetiň ruhy durmuşynyň täze many-mazmuna eýe bolmagyna, munuň üçin bolsa ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegine uly orun degişlidir. Häzirki wagtda bilim ulgamynyň meselelerine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Hut şol sebäpli hem, hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamyny durmuş ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ösdürýän dörediji güýç hökmünde uly alada bilen gurşap alýar.