Karz serişdeleri — ilata

17 Maý 2024
1053

Welaýatymyzda karz beriş edaralary raýatlar üçin gapylaryny giňden açýarlar. Welaýatymyzyň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bank ulgamynda döredilýän hyzmatlardan ýerlikli peýdalanýarlar hem-de bu amatly hyzmatlar üçin sagbolsun aýdýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylyşy, nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçilikleri, maglumatlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişi, ilata karz serişdeleriniň berlişi we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri barada bilim bermek we düşünjelerini berkitmek maksady bilen şu günlerde bank ulgamy tarapyndan zähmet adamlarynyň we talyplaryň arasynda ýörite okuwlar guralýar. Karz serişdeleriniň berlişine dahylly okuwlar raýatlar üçin has hem peýdaly boldy. Karz serişdelerini bermegiň esasy maksadynyň adamlaryň maliýe meselelerini çözmäge kömek bermekden, ýaşaýyş-durmuşlaryna maliýe taýdan oňyn täsir etmekden ybaratdygy raýatlara düşündirilýär.

Gaýratjan KARYMOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň bank gözegçiligi bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar