Hindistanyň «Tata Electronics» öndürijisi ýarym geçirijileriň global bazaryna çykdy. Kompaniýa ABŞ-dan, Ýaponiýadan we birnäçe Ýewropa ýurtlaryndan hyzmatdaşlar bilen bilelikde öndürilen mikroshemalaryň çäkli toplumyny eksporta iberdi.
— Eger biz bu segmentlerde ulanylýan çipleriň işlenip taýýarlanmagyna we öndürilmegine ünsi jemlesek, Hindistan mikroshemalar pudagynda dünýä lideri bolup, olary eksporta iberip biler – diýip, respublikanyň aragatnaşyk, elektronika we sanly tehnologiýalar ministri Aşwini Waýşnawa belledi.